Ak Welsapar göwrümli romanyna ”Kepjebaş” diýip at goýupdyr. XX asyryň aýagynda ýüz beren totalitar düzgüniň tebigatyna aralaşmakdan ötri, türkmen ýazyjylary tarapyndan ilkinji döredilen uly eser. Onuň hakyky gürrüňi öňde. Ol entek Türkmenistanda ýaşaýan okyjylara ýetenok. Režimiň agyr labyryny gerdeninde çekýän adamlaryň garaýşy keseden syn edýänleriňkiden has ygtybarly bolmaly. Bu temadan ýazylan eserlere Günbataryň demokratiýa halys ram eden okyjysy totalitar düzgüniň umumy, klassyky häsiýetinden garap, baha berýär. Bu meselede oňa nusga alarlyk derňew köp. Çeper publisistikanyň ussady, awstriýaly ýazyjy, Nobel baýragynyň eýesi Elias Kanettiniň ”Köpçülik hem häkimlik” (”Massa i vlast”) atly meşhur kitabyny mysal getirse bolar.

 

Muňa garamazdan, aýry-aýry ýurtda ýüz berýän totalitar düzgün şol ýeriň ýaşaýyş aýratynlyklaryndan, adamlaryň milli häsiýetinden reňk alýar. Meselem, Jorj Oruelliň ”1984” diýen klassyky romany bilen Gabriel Garsia Markesiň ”Patriarhyň güýzi” (”Osen patriarha”) romanynyň temasy, maksadybir hem bolsa, suratlandyrylýan režimleriň ýüze çykyş, dowam ediş häsiýeti örän tapawutly. Totalitar režimiň depesinde bir adam durýar, şonuň häsiýeti hem köp derejede tutuş režime özboluşly häsiýet berýär.

 

Bu tapawut Ak Welsaparyň romanynda ýüze çykýarmy? Bu wajyp sowala ”ýüze çykýar” diýip jogap berse bolar. Nähili derejede ýüze çykýar? Bu sowal çynlakaý derňewi talap edýär. Häzir meniň maksadym bu wezipäniň hötdesinden gelmek däl. Gysgaça ýazgymda [eseriň] Kepjebaş liniýasyna degip geçmekçi, tankytçy hökmünde däl, okyjy hökmünde.

 

Kepjebaş romanyň üçünji babynda peýda bolýar. Ol ”tozgun çöli taşlap, adamlaryň arasyna ugraýar”.  Ony näme mejbur edýär? Ine, publisistik äheňde berlen gönümel düşündiriş: ”Kepjebaşyň ýekinde ýigreneni ajy tüsseli demini ýaýardyp, çölde onuň kowumdaşlarynyň we beýleki mör-möjekleriň janyna gije-gündiz gorky salyp ýören rehimsiz demir atlardy. Olar äpet tekerleri bilen öňünden çykan janly-jandarlarymynjyradyp, ýere sokup, döremedik ýaly edip gidýärdiler. Demir atlaryň derdinden ymgyr çölde ne arkaýynçylyk galdy, ne-de bukulara ýer. Bir günden bir gün Kepjebaş bu rehimsizligiň garşysyna çykmagy ýuregine düwdi: ýok, beýle eden-etdilik bilen ylalaşmak mümkin däl!”.

 

Kepjebaş gowuny taşlap, adam sypatyna girýär. Awtor adamlaryň gözüne ýigrenji bolup görünýän ýylana gudrat berýär: ol hem ýylan, hem adam. Bu artykmaçlyk göreşiň taktikasy üçin tapylgysyz zat! Ol ýylan hökmünde ýigrenji adamlary zäher bilen öldürip bilýär. Adam hökmünde has uly heläkçilikleri gurnamaga-da ukyply. Musa Çöli adyny alyp, baş oba müdiri bolandan soň oňa giň mümkinçilikler açylýar. Islese uly-uly terrorçylyk aktlaryny gurnap biljek. Töwrek-daşy çalasowat, elgarama, hör-homsy adamlardan doly. Akylly-başly hereket edip bilseň bolany! Akyl, danalyk babatda ýylanyň öňüne geçjek barmy?! Töwratyň ýazgysyna görä, ol hile bilen Adamatany, How enäni jennetden kowdurmagy başarýar!  Taňrygargan çölde lozunga-şygary ýörelge edinen mankurtlar üçin artykmaç arrygyňy gynap oturmagyň geregi-de ýok. Garaz, okyjy Kepjebaşdan göwrümli etmişlere garaşýar. Romany okadygyňça bu isleg islegligine galýar. Men munuň üçin awtory günärtlemäge howlukmadan saklanýaryn, oýlanýaryn.  Belki, Kepjebaşy oýna goşmakdan awtoryň başga bir maksady bardyr? Garaz, gapma-garşy pikirler serimden geçýär. Wah, awtor diňe Kepjebaş liniýasyny alyp giden bolsady! Ýylanyň has aktiw hereketlerini, garşylygyny görkezmäge mejbur bolardy, kitap has şüwlümli okalardy. Häzir awtor epiklige ýykgyn edip, hakyky kolliziýadan ünsi sowýar-da diýýärin. Şol bir wagtda-da awtoryň islegine düşünjek bolýaryn. Ol totalitar režimiň ýurdy, adamlary nähili çykgynsyz ýagdaýa salýandygyny panoramalaýyn, giňişleýin görkezmek isläpdir, şol sebäpdenem Kepjebaşdan ünsi sowýanepizodlar ara düşüpdir diýýärin. Diýsem hem islegimden el çekip bilemok. Romanyň ady ”kKpjebaş” ahyry! diýip janygýaryn. Şol ponaramany Kepjebaşyň gözi bilen beräýmeli ekeni-dä, şonda romanyň ýaýrawy biraz çugdamlanardy diýýärin…

 

Birden ”Duza gaçan duz bolar” diýen dana söz serime gelýär. Belki, awtoryň göz öňünde tutan maksadyny şu sözüň manysyndan gözlemelidir? Adam sypatyna girip, adamlaryň arasynda ýaşap başlan jandaryň başky maksadyny unudyp, refleksiýa ýüz urup, başga bir psihiki ýagdaýa düşmegi ýokarky sözüň mazmuny bilen gabatlaşýandyr? Eger şu sowala hä diýsem, Kepjebaşyň passiwligini düşündirmäge mende delil boljak.

 

Köpçüligiň gulçulyga, gul psihologiýasyna kem-kemden ram edişi ýaly Kepjebaş hem adamlaryň arasyna düşüp, wezipe eýeläp, kem-kemden asyl maksadyny unudýar. Ol hem, adamlar ýaly, günde-günaşa ýüz berýän kemsitmelerebolmaly zat ýaly garaýar. Onuň ýylana mahsus akyl-paýhasy, danalygy wezipä ýetmäge, ony saklamaga bolan alada gönükdirilýär. Bu babatda onuň başarnygy zor. Birje mysal getireli. Kepjebaş öz sürüjisiŞalyny Enara öýlenmäge mejbur edýär. Ol özüne berlen gudraty ulanyp, Öweziň ölümini Şalynyň göz öňünde gaýtadan janlandyrýar, ony jeza bilen gorkuzýar. Muny nämäniň hatyrasyna edýär? Öz wezipesini, abraýyny saklamagyň hatyrasyna edýär. Emeldarçylyga mahsus endik ony penjesine gysýar.

 

Kepjebaş Musa Çöli Derwüş babadan: ”Siz näme üçin Öwezi öldürdiňiz?” diýip soraýar. Derwüş baba: ”Öwez ýaşamaga ukypsyz bolup çykdy. Ol döwre uýgunlaşyp bilmedi. Onsoň ölmese alajy näme? Biziňki – ýetene sebäp” diýip jogap berýär. Öweziň aýalynyň ykbaly nähili bolar? Derwüş baba: ”Ol döwre uýgunlaşmaga synanyşýar, galanynam görüberdikdä” diýýär. Eger uýgunlaşmasa naçar aýala-da äriniň ykysmaty garaşýar. Bu zorluk Kepjebaşa – Musa Çölä öz kowumdaşlarynyň takdyryny ýatladýar, onuň gahary gelýär. ”Biziň ýolumyz aýry. Goý, her kes elinden gelenini aýamasyn: siz meni tanaňzok, menem – sizi!” diýýär. Ol galat aýdýar, şu jogap bilen özüni arkaýynlaşdyran kişi bolýar. Hakykatda welin, jenap ýoldaş Prezidentiň ýeke-täk häkimiýetini berkitmek ugrunda islendik zorlukdan gaýtmajak derwüş babalaryňhataryna goşulýar. Indi onuň ýylan hökmünde pikir öwrüp, aýdyp biljek sözleri şulardan ybarat: ”Bu bolýan zatlara seretsene… – müdir içini gepledýär. – Göräýmäge, bu welaýatda indi ondan güýçli adam ýok. Welaýat häkiminiň özi-de ondan eýmenýär, onda-da ugran ugry – garaňkylyk, basan ýeri gap-çanak”. Soňra awtor onuň pikirini berýär: ”Belki, ol entek adamlaryň ýaşaýşynyň düýbüne ýetip bilen däldir? Ol olary tanap ýetişdimi? Häzirlikçe onuň öwreneni: adamlara öz diýenini etdirmek. Munuň üçin ol ýylan jadysyny ulanýar, ýalbarýar, haýbat atýar, ant içip, awy ýalaýar, hile gurýar… Ýüz ugra bitmedik işini şeýdip bitirýär. Bitirýärmikäm diýýär. Emma bir aýlawda görse, bitirdim eden işi öňki ýerinde ýatyr. Adamlar şeýle bir hile tapýarlar welin, hoşuňa gelsin! Olara doly erk etmäge okumyş ýylanyň güýji ýetmese nädersiň! Her ädimde adamlaryň sapagy onuňkydan üstün çykarly görünýär.” Onuň ýylan paýhasynyň şu hakykata ýeteni-de bir gowy zat. Ol mundan aňry gitmeýär. Ol adamlaryň etmişini häli-şindi köteklemegi endik edinýär. Oňa öz passiwligini aklamaga delil gerek.

 

Ahyrsoňunda jenap ýoldaş Prezidentiň haýbatly köşgünde Larin tarapyndan gurlan gapana düşendigine gözi ýetende Kepjebaş ”iň soňuna çenli näme bolsa görmeli diýen karara” gelýär. ”Çöli tozduran, kowumdaşlaryny gyran-jyrana salan, onuň dünýäsine elhenç talaň salan adamlar bilen iň soňuna çenli gidişmeli!.. Ýogsa, çölüň betbagtçylygyny diňe bir janly-jandaryň däl-de, eýse adamlaryň hut özleriniň-de iň uly betbagtçylygydygyna Kepjebaş bireýýäm göz ýetiripdi.  Onsoň, ýeri, kimden hem nämüçin ar almaly?”.

 

Elbetde, Kepjebaşyň bu pikir dogry, ýöne indi giç. Häzirki pursat bu ýurduň bialaç raýatlary bilen onuň arasynda tapawut galmady. Olar bir ýüpe güýlünenler. Kepjebaş ýeňilýär. Onuň ýeňilmeginiň sebäbini raýatlaryň totalitar düzgünden ýeňlişlerinden mysal tutup, düşündirse bolar. Ol hem adamlar ýaly şahsy bähbide baglanan. Sähelçe öň ol adamlaryň biri-birine bolan ýigrenjini, biriniň beýlekisinden üstün çykmak üçin ýüz urýan hilesini, zorlugyny tekrarlanda, özüne sowal beripdi: ”Namartja olam – sagja olam” diýip, yzyňa gaçmalymy? Nä ýüzüňe çöle dolanyp barsyn? O taýda onuň orny kül üstünde bolar. Betnyşan alahöwreni nätjek? Ol diňe şu waka garaşyp ýatandyr… Çölüň depesinden inen ähli betbagtçylygy Kepjebaşyňýazygy edip görkezmezmi?” Gördüňizmi, ýaşaýyşda amatly orny, häkimligi eýelemek ugrundaky göreş ýylanlara-da mahsus ekeni! Kepjebaş: ”Adamlaryň gutulmadyk belasyndan ýylanlara-da gutulma ýok” diýen pikire gelýär. Ine, şu ýerde ol ýylanlara mahsus diýilýän danalyga ýetýär. Gynansak-da, bu ölüm pursatynda ýüz berýän danalyk.

 

Kepjebaş ýeňildi. Eýse, bu tebigatyň ýeňlenini aňladýarmy? Tebigat haýwandan, ynsandan güýçli ahyry! Dünýäde bu paýhasa gol ýapmaýan jenap ýoldaş prezidentlere tebigat göz görkezer diýýäris. Muny gelejege ýöňkäp ýörmek nämä gerek, eýýäm görkezip ýör! Ýöne tebigatyň alýan aryny haýsydyr bir ugra, haýsydyr bir bähbide gönükdirmek adamzada başartmaz. Ol elhenç başly-baratlygy, haosy döredýär…

 

Ak Welsaparyň ” Kepjebaş” romanyny okan adamda şu pikiriň döremegi, elbetde, eseriň utuşly tarapy.

 

Tirkiş Jumageldi,

Sentýabr, 2009-njy ýyl. Aşgabat şäheri.