”AK ÖÝ” kitabynyň uly bölegini çuňňur filosofiki mazmunly goşgular düzýär. Kitabyň içinden söýgi, dostluk, mertlik, batyrlyk ýaly müdimi temalar eriş-argaç bolup geçýär. Goşgularda tebigatyň gözelligi, gyz-gelinleriň görki, iň inçe duýgular öz şahyrana beýanyny tapýar. Dogduk toprak bilen bagly şygyrlarda aýralyk äheňleri, şahyryň başdan geçiren dartgynly hem kyn günleriniň gussaly ýaňy duýulýar. Adam ykbalyndaky dürli öwrümleri çeperlik bilen şöhlelendirýän bu eserlerde türkmen poeziýasyna mahsus iň gowy däpler dowam etdirilýär.

Kitap: ”Ak öỳ”