Romanyň baş gahrymany ýetginjek Annaly. Ol atasy bilen düme ekini saklaýar. Annaly töweregini gurşap alan gözelligiň çyn aşygy. Şonuň üçinem ol bu gözellige zyýan ýetirjek bolýan durmuş nogsanlaryna biperwaý garap bilenok. Netijede ýetginjek hak iş üçin göreşe girenini duýman galýar. Ýöne bu göreşiň dowamynda ol hakykatyň üstünde durmalymy ýa-da ýok diýen aldym-berdimli sorag bilen birnäçe gezek ýüzbe-ýüz bolýar. Garaz, eser okyjyny gyzyklandyrjak, oýlandyrjak çeper wakalara baý.

Ýazyjynyň bu eseri TSSR-iň hem-de TKP-niň döredilmeginiň 60 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çeper eserleriň respublikan konkursynda baýraga mynasyp boldy.

Kitap:”Gawunkelle”