Bu kitap türkmen jemgyýetiniň taryhynda diýseň döredijilikli, emma ýiti içki dartgynlyga ýugrulan döwür bolan XX asyryň ikinji ýarymyndan gürrüň açýar. Zylyhanyň hem-de onuň kärdeşleriniň obrazlary şol döwürde Türkmenistan Ylymlar akademiýasynda işlän alymlaryň ykballaryna daýansa, romanyň baş gahrymany Mülli Tahyryň obrazy ylma we öz halkyna ýürekden berlen, kyn döwürde kemala gelen garaşsyz zehiniň anyk taryhy şahsyýetine esaslanýar.

Kitapdaky wakalaryň beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiliginiň töweregindäki edebi jedeller bilen utgaşmagy eseriň gyzykly çeperçilik aýratynlygydyr.

Kitap: “Mülli Tahyryñ Hudaỳlygy”