Aýpi hakyndaky bu gussaly hekaýatyň ne öňi bar, ne-de soňy, bir säw bilen onuň diňe guraksy manysy galypdyr. Ýaş gelniň gysga ömri we tragiki ölümi adamlary hiç haçan düýpli gyzyklandyrmandyr. Ýöne, adalatsyz hem birehim hökümiň gurbany bolan aýalyň ynjalyksyz ruhundan eýmenip, balykçylar deňze çykanlarynda onuň bilen bagly alamata gabat gelmekden çekinipdirler.

Gelniň ykbaly-da, onuň doly ady-da, biweç gorkynyň nähak pidasy bolup, asyrlaryň tümlüginde ýitip gidipdir, ol hakynda diňe rowaýat galypdyr…