Böwsülen tümlügiñ baş gahrymany Annaly rehimsiz aganyñ eline galan ỳetim. Ol öz dogumyna daỳanyp, özbaşdaklygyny gazanỳar, ỳokary bilim alỳar. Emma agy-garany saỳgardygyça ol has beter jemgyỳetçilik garşylyklary bilen ỳüzbe-ỳüz bolỳar.

Gysga ömrüniñ soñky günlerini ol adamlardan uzakda geçirỳär, ỳöne jemgyỳetiñ problemalary ymgyr çölde-de ony öz gününe goỳanok. Dogry söze, çyn söỳgä, çynlakaỳ duỳgulara ymtylỳan ỳaş ỳigit öz durmuş ỳörelgesine soñky demine çenli wepaly bolup galỳar.

Bu romany ”Türkmenistan” neşirỳaty 1992-nji ỳylda çap etmelidi, ỳöne TÜMLÜGIŇ goragynda sak duran resmi senzura kitabyñ öñüni aldy.