Romandaky wakalar garaşsyz ýurtda ýaýbaňlanýar, kitabyň gahrymanlary-da garaşsyz topragyň adamlary. Ýöne ýurduň bütin durkunda, onuň dolandyrylyşynda, adamlaryň özara gatnaşyklarynda, olaryň özlerini alyp barşynda ýykylan imperiýanyň gorkunç keşbi ör-boýuna galýar. Kitaby okanyňda döwlen aýnanyň gyýçaklarynda öz ýüzüňi gören ýaly bolýarsyň.

Romanyň baş gahrymany – adam sypatyna giren okumyş ýylan, Kepjebaş. Onuň garşydaşy – Kommunistik partiýanyň Merkezi komitetiniň milli respublikadaky ozalky 1-nji sekretary, dikme, ýumuş oglany, bu günki gün – jenap ýoldaş Prezident, çäklendirilmedik häkimiýetiň eýesi…

Kitap: “Kepjebaş”

Review

Review

Review