Category Archive for: ‘Türkmençe’


Kepjebaş

POSTED ON Aug 25 IN Books, Türkmençe No Comments

Romandaky wakalar garaşsyz ýurtda ýaýbaňlanýar, kitabyň gahrymanlary-da garaşsyz topragyň adamlary. Ýöne ýurduň bütin durkunda, onuň dolandyrylyşynda, adamlaryň özara gatnaşyklarynda, olaryň özlerini alyp barşynda ýykylan imperiýanyň gorkunç keşbi ör-boýuna galýar. Kitaby okanyňda döwlen aýnanyň gyýçaklarynda öz ýüzüňi gören ýaly bolýarsyň. Romanyň baş gahrymany – adam sypatyna giren okumyş ýylan, Kepjebaş. Onuň garşydaşy – Kommunistik partiýanyň Merkezi […]


Böwsülen tümlük

POSTED ON Aug 25 IN Books, Türkmençe No Comments

Böwsülen tümlügiñ baş gahrymany Annaly rehimsiz aganyñ eline galan ỳetim. Ol öz dogumyna daỳanyp, özbaşdaklygyny gazanỳar, ỳokary bilim alỳar. Emma agy-garany saỳgardygyça ol has beter jemgyỳetçilik garşylyklary bilen ỳüzbe-ỳüz bolỳar. Gysga ömrüniñ soñky günlerini ol adamlardan uzakda geçirỳär, ỳöne jemgyỳetiñ problemalary ymgyr çölde-de ony öz gününe goỳanok. Dogry söze, çyn söỳgä, çynlakaỳ duỳgulara ymtylỳan ỳaş […]


Aỳpi hakynda rowaỳat

POSTED ON Aug 24 IN Books, Türkmençe No Comments

Aýpi hakyndaky bu gussaly hekaýatyň ne öňi bar, ne-de soňy, bir säw bilen onuň diňe guraksy manysy galypdyr. Ýaş gelniň gysga ömri we tragiki ölümi adamlary hiç haçan düýpli gyzyklandyrmandyr. Ýöne, adalatsyz hem birehim hökümiň gurbany bolan aýalyň ynjalyksyz ruhundan eýmenip, balykçylar deňze çykanlarynda onuň bilen bagly alamata gabat gelmekden çekinipdirler. Gelniň ykbaly-da, onuň doly […]


Ýagtylykda ýitenler

POSTED ON Aug 24 IN Books, Türkmençe No Comments

Publisistik kitap Türkmenistanda nädip başistik diktatura döredi? Onuň kökleri nireden gaýdýar? Rehimsiz diktaturanyň döremeginde türkmen intelligensiýasy, aýratynam döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri nähili rol oýnadylar? Kitapda bu soraglaryň jogaplary agtarylýar. Bu edebi-publisistik eser anyk faktlar esasynda ýazyldy. Kitap: “Ýagtylykda ýitenler”


Nils Holgersson…

POSTED ON Aug 23 IN Books, Türkmençe No Comments

Translated by Ak Welsapar Nobel baýragynyň laureaty, şwed ýazyjysy Selma Lagerlöfiň ”Nils Holgerssonyň Şwesiýa täsin syýahaty” diýen eseri dünýä çagalar edebiýatynyň iň görnükli nusgalaryndan biridir. Selma Lagerlöf tokaýlarynda sugunlar, keýik sürüleri, aýylar, onlarça beýleki ýabany haýwanlar, guşlar erkin ýaşaýan demirgazyk ýurt – Şwesiýanyň klassyk ýazyjysy. Ýazyjynyň betligi sebäpli kiçelip, Barmajyga öwrülen oglan hem onuň ýabany […]


Cawunkelle

POSTED ON Aug 22 IN Books, Türkmençe No Comments

Romanyň baş gahrymany ýetginjek Annaly. Ol atasy bilen düme ekini saklaýar. Annaly töweregini gurşap alan gözelligiň çyn aşygy. Şonuň üçinem ol bu gözellige zyýan ýetirjek bolýan durmuş nogsanlaryna biperwaý garap bilenok. Netijede ýetginjek hak iş üçin göreşe girenini duýman galýar. Ýöne bu göreşiň dowamynda ol hakykatyň üstünde durmalymy ýa-da ýok diýen aldym-berdimli sorag bilen birnäçe […]


Mülli Tahyryñ Hudaỳlygy

POSTED ON Aug 22 IN Books, Türkmençe No Comments

Bu kitap türkmen jemgyýetiniň taryhynda diýseň döredijilikli, emma ýiti içki dartgynlyga ýugrulan döwür bolan XX asyryň ikinji ýarymyndan gürrüň açýar. Zylyhanyň hem-de onuň kärdeşleriniň obrazlary şol döwürde Türkmenistan Ylymlar akademiýasynda işlän alymlaryň ykballaryna daýansa, romanyň baş gahrymany Mülli Tahyryň obrazy ylma we öz halkyna ýürekden berlen, kyn döwürde kemala gelen garaşsyz zehiniň anyk taryhy şahsyýetine […]


AK ÖỲ

POSTED ON Aug 22 IN Books, Türkmençe No Comments

”AK ÖÝ” kitabynyň uly bölegini çuňňur filosofiki mazmunly goşgular düzýär. Kitabyň içinden söýgi, dostluk, mertlik, batyrlyk ýaly müdimi temalar eriş-argaç bolup geçýär. Goşgularda tebigatyň gözelligi, gyz-gelinleriň görki, iň inçe duýgular öz şahyrana beýanyny tapýar. Dogduk toprak bilen bagly şygyrlarda aýralyk äheňleri, şahyryň başdan geçiren dartgynly hem kyn günleriniň gussaly ýaňy duýulýar. Adam ykbalyndaky dürli öwrümleri […]


Almaşylan

POSTED ON Jul 24 IN Books, Türkmençe No Comments

Translated by Ak Welsapar Selma Lagerlöf (1858–1940) guýmagursak hekaýatçy. Onuň stili garaşylmadyk öwrümlere we fantaziýa baý, diýseň özboluşly. ALMAŞYLAN hekaýasy ýazyjynyň, ýagşynyň myrada ýetip, ýamanyň temmi alýan, adalatly dünýä baradaky ynanjyna ýugrulan. Kitap: “Almaşylan”


Ak guş bolup uçsamdym

POSTED ON May 03 IN Books, Türkmençe No Comments

Çagalar hem ýetginjekler üçin ýazylan ”Ak guş bolup uçsamdym!” atly edebi kitap öz Ene dilini saklamak, onuň edebi çuňluklaryny boýlamak isleýän türkmen ene-atalary, çagalary, ýetginjekleri, galyberse-de, türkmen dilini öwrenmäge höwesek beýleki dilleriň wekilleri üçin gymmatly hem gyzykly edebi gollanmadyr. Ýusup Azmun, dilçi hem edebiýatçy alym, professor Sözbaşy