Aýpi hakynda rowaýat

Aýpi hakyndaky bu gussaly hekaýatyň ne öňi bar, ne-de soňy, bir säw bilen onuň diňe guraksy manysy galypdyr. Ýaş gelniň gysga ömri we tragiki ölümi adamlary hiç haçan düýpli
gyzyklandyrmandyr. Ýöne, adalatsyz hem birehim hökümiň gurbany bolan aýalyň ynjalyksyz ruhundan eýmenip, balykçylar deňze çykanlarynda onuň bilen bagly alamata gabat gelmekden çekinipdirler.
Gelniň ykbaly-da, onuň doly ady-da, biweç gorkynyň nähak pidasy bolup, asyrlaryň tümlüginde ýitip gidipdir, ol hakynda diňe rowaýat galypdyr…

 

Gawunkelle

Romanyň baş gahrymany ýetginjek Annaly. Ol atasy bilen düme ekini saklaýar. Annaly töweregini gurşap alan gözelligiň çyn aşygy. Şonuň üçinem ol bu gözellige zyýan ýetirjek bolýan durmuş nogsanlaryna biperwaý garap bilenok. Netijede ýetginjek hak iş üçin göreşe girenini duýman galýar. Ýöne bu göreşiň dowamynda ol hakykatyň üstünde durmalymy ýa-da ýok diýen aldym-berdimli sorag bilen birnäçe gezek ýüzbe-ýüz bolýar. Garaz, eser okyjyny gyzyklandyrjak, oýlandyrjak çeper wakalara baý.

Ýazyjynyň bu eseri TSSR-iň hem-de TKP-niň döredilmeginiň 60 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çeper eserleriň respublikan konkursynda baýraga mynasyp boldy.

Kepjebaş

Romandaky wakalar garaşsyz ýurtda ýaýbaňlanýar, kitabyň gahrymanlary-da garaşsyz topragyň adamlary. Ýöne ýurduň bütin durkunda, onuň dolandyrylyşynda, adamlaryň özara gatnaşyklarynda, olaryň özlerini alyp barşynda ýykylan imperiýanyň gorkunç keşbi ör-boýuna galýar. Kitaby okanyňda döwlen aýnanyň gyýçaklarynda öz ýüzüňi gören ýaly bolýarsyň.

Romanyň baş gahrymany – adam sypatyna giren okumyş ýylan, Kepjebaş. Onuň garşydaşy – Kommunistik partiýanyň Merkezi komitetiniň milli respublikadaky ozalky 1-nji sekretary, dikme, ýumuş oglany, bu günki gün – jenap ýoldaş Prezident, çäklendirilmedik häkimiýetiň eýesi…

Ak Öý

”AK ÖÝ” kitabynyň uly bölegini çuňňur filosofiki mazmunly goşgular düzýär. Kitabyň içinden söýgi, dostluk, mertlik, batyrlyk ýaly müdimi temalar eriş-argaç bolup geçýär. Goşgularda tebigatyň gözelligi, gyz-gelinleriň görki, iň inçe duýgular öz şahyrana beýanyny tapýar. Dogduk toprak bilen bagly şygyrlarda aýralyk äheňleri, şahyryň başdan geçiren dartgynly hem kyn günleriniň gussaly ýaňy duýulýar. Adam ykbalyndaky dürli öwrümleri çeperlik bilen şöhlelendirýän bu eserlerde türkmen poeziýasyna mahsus iň gowy däpler dowam etdirilýär

 

Almaşylan

Selma Lagerlöf (1858–1940) guýmagursak hekaýatçy. Onuň stili garaşylmadyk öwrümlere we fantaziýa baý, diýseň özboluşly. ALMAŞYLAN hekaýasy ýazyjynyň, ýagşynyň myrada ýetip, ýamanyň temmi alýan, adalatly dünýä baradaky ynanjyna ýugrulan.

 

 

Ýagtylykda ýitenler

Türkmenistanda nädip başistik diktatura döredi? Onuň kökleri nireden gaýdýar? Rehimsiz diktaturanyň döremeginde türkmen intelligensiýasy, aýratynam döredijilik intelligensiýasy, aýryaýryşahsyýetler nähili rol oýnadylar? Eliňizdäki kitapda bu soraglaryň jogaplary agtarylýar.

 

 

 

Mülli Tahyryň hudaýlygy

Bu kitapda türkmen halkynyň taryhynda diýseň döredijilikli, emma çuňňur içki dartgynlyga ýugrulan döwür bolan – XX asyryň 60-80-nji ýyllaryndan gürrüň açylýar. Kitabyň baş gahrymanlary Mülli Tahyr bilen Zylyha. Eger Zylyhanyň obrazy şol döwürde Türkmenistan Ylymlar akademiýasynda işlän alym zenanlaryň ömür ýoluna daýansa, Mülli Tahyryň obrazy kolonial döwürde ýetişen, ylma, öz halkyna jany-teni bilen berlen zehinli alymyň anyk taryhy şahsyýetine esaslanýar.

Kitapdaky wakalaryň beýik türkmen klassygy Magtymguly-Pyragynyň döredijiligine degişli meseleler bilen utgaşykly ösmegi eseriň gyzykly aýratynlyklarynyň biridir.

Nils Holgerssonyň Şwesiýa täsin syýahaty

Nobel baýragynyň laureaty, şwed ýazyjysy Selma Lagerlöfiň ”Nils Holgerssonyň Şwesiýa täsin syýahaty” diýen eseri dünýä çagalar edebiýatynyň iň görnükli nusgalaryndan biridir. Selma Lagerlöf tokaýlarynda sugunlar, keýik sürüleri, aýylar, onlarça beýleki ýabany haýwanlar, guşlar erkin ýaşaýan demirgazyk ýurt – Şwesiýanyň klassyk ýazyjysy. Ýazyjynyň betligi sebäpli kiçelip, Barmajyga öwrülen oglan hem onuň ýabany gazlar bilen öz ýurduna gyzykly gezelenji baradaky kitaby dürli ýaşdaky okyjylary özüne çekmäge ukyply. Wagtyň synagyndan geçen, dünýäniň köp dillerine terjime edilen bu eser ilkinji gezek asyl nusgasyndan türkmen diline geçirildi.