Saparmyrat Nyýazow öz ajalyna öldümi? – 2013

(Türkmenistandaky başistik diktaturanyň gysgaça taryhy)

Birinji bölüm

Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň (TKP MK-nyň) ozalky 1-nji sekretary, garaşsyzlyk döwründe prezident wezipesini 15 ýyllap saýlawsyz eýelän we döwleti tä soňky demine çenli bikanun dolandyran Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda aradan çykdy. Has dogrusy, şol gün onuň öldi habary köpçülige ýetirildi.

Eýse, S.Nyýazow öz ajalyna öldümi? Resmi Aşgabat, hiç hili degişli derňew geçirmezden, bu soraga ”S.Nyýazow tarpa-taýyn aradan çykdy” diýip jogap berdi we onuň jesedini şol günüň ertesi topraga tabşyrdy. Eýse, döwlet baştutanlary jaýlnanda gabat gelmeýän bu gyssanmaçlyk nämäniň alamatyka?

Eger-de S.Nyýazowyň ölümi bilen bagly faktlara ser salsaň, onda resmi Aşgabadyň döwlet baştutanynyň ölümi bilen bagly ýaýradan resmi habary we ölümiň sebäplerini anyklaýan medisina kesgitlemesi birnäçe kanuny soraglary döredýär.

Olaryň ilkinjisi resmi habaryň S.Nyýazowyň şahsy lukmany, professor Meýsneriň onuň saglyk ýagdaýy barada şondan bary-ýogy bir hepde öň beren kesgitlemesine dogry gelmeýänligidir.

Germaniýada 1998-nji ýylda S.Nyýazowyň ýüregini operasiýa eden we şondan soň onuň saglygyna gözegçilik eden german kardiohirurgy Meýsner 2006-njy ýylyň dekabrynda Aşgabada baryp, S.Nyýazowyň saglygyny kompleksleýin barlap, öz ady belli kliýentiniň ähli möhüm ýaşaýyş organlarynyň kadaly işleýändigini, saglygynyň kanagtalanarlydygyny yglan edipdi.

Eger-de Meýsner S.Nyýazowyň saglygynda howsala döredýän gyşarmalary gören bolsa, onda onuň zerur bejergi çärelerini bellejekdigine hiç hili şübhe bolup bilmez. Sebäbi, Meýsneriň öz boýun alşy ýaly, S.Nyýazow şol döwürde onuň iň meşhur, ýagny nr 1-nji kliýentidi. Türküläp aýtsaň, iň gymmatly girdeji çeşmesi, ýagny altyn ýumurtga guzlaýan towugydy. Diýmek, eger ol S.Nyýazowyň saglygyndan kanagatlanmadyk bolsa, ony öz klinikasynda bejeriş kursuny geçmäge çagyrardy, ýogsa-da iň bärkisi oňa haýal etmän iň güýçli bejeriş kursuny bellärdi. Professor Meýsner bu işleriň hiç birini etmedi, diýmek, şeýle zerurlyk bolan däldir. S.Nyýazowyň saglygy gowşagam bolsa, edil şol wagt stabil derejede eken.

Onsoň diktatoryň şondan bary-ýogy bir hepde soň ”tarpa-taýyn” älmegi gaty geň. Bu meselede döreýän soraglara bar bolan jogaplar-da, başga zada däl-de, diňe indiki soraglary oýarmaga ukyply…

Faktlardan belli bolşy ýaly, S.Nyýazow 2006-njy ýylyň 18-nji dekabrynda öz iş ýerinde bolýar. Şol gün ol Ýewropa Bilelleşiginiň wekili … bilen duşuşýar. Ygtybarly çeşmeleriň maglumatlaryna görä, S.Nyýazowyň saglygy 2006-njy ýylyň 19-njy dekabrynda birdenkä ýaramazlaşyp, ol, hamana, şol gün hem diabet komasyna düşýär (onuň gant keseli bardy). Faktlardan çen tutsaň, meger, hut şu pursatda-da onuň köşkdäki ýakyn töweregi ondan hemişelik dynmagy karar edýär.

Çak edilýän dildüwşügiň ondan has ir başlanan bolmagy-da ahmaldyr. Muny tassyklaýan käbir faktlar hem ýok däl. Iň bärkisi, S.Nyýazowyň jaýlanyş dabarasyna üns berseň, onda onuň örän ýerbe-ýer gurnalyşy göze dürtülýär. Bary-ýogy bir günde bu ýas dabarasyny beýle göwnejaý gurnamak asla mümkin däl. Çünki garaşsyzlyk döwründe entek ýekeje-de döwlet baştutanyny jaýlap görmedik hökümetde beýle sazlaşykly ýas dessury bir günde nireden peýda bolýar?

Ikinji bölüm

Hut şu ýerde diktatoryň iş dolandyryş stilini we ölmezden öňki birnäçe ýylda töwregi bilen gatnaşygyny ýatlamak artykmaçlyk etmez. Onuň iň ýakyn syýasy töwereginiň hökmürowanlykdan halys dälilik hetdine ýeten S.Nyýazowdan gije-gündiz gorkmaga sebäbi ýeterlikdi. Birinjiden, 2006-njy ýylyň tomsunda Daşoguzda bolup geçen Halk maslahatynda S.Nyýazow G.Berdimuhammedowa alty aý synag möhletini berýändigini, şondan soň oňa çäre görjekdigini jar etdi. Şol ýylyň awgustynda-da S.Nyýazow ”Men özüme iň ýakyn adamlarymdan howp abanýandygyny bilýärin” diýip, Aleksandr Žadanyň we Wiktor Hramowyň janyna wehim saldy. Sebäbi diktatora bütin ýurtda şolardan ýakyn adam ýokdy!

Netijede S.Nyýazowyň käbir adamlary hut özüniň dildüwşüge iteklän bolmagy-da ahmaldyr? Eger-de diktatoryň ölüminiň soňra kime peýda berendigini ünsden düşürmeseň, onda bu çaklama o diýen howaýy bolup görünmez. Şol wagtky ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň soňra hemmesi-de gysga wagtda bir-birden köşkden ýok edildiler: olaryň kimsi öldi (W.Umnow), kimsi türmä basyldy (general-leýtenant A.Rejebow), kimsi-de ”saglyk ýagdaýy sebäpli” wezipeden çetleşdirildi (goşun generaly Agageldi Mämmetgeldiýew we beýlekiler). Netijede döwlet üç adamynyň eline geçdi, olar: A.Žadan, W.Hramow we G.Berdimuhamedow.

Bu üç adama S.Nyýazowdan öler ýaly gorkmaga hem ony ýigrenmäge näçe diýseň sebäp bardy. Çünki onuň soňky ýyllarda ýurtda yzly-yzyna girizýän ”täzelikleri” Türkmenistanda höküm sürýän režimi we ýurduň resmi ýolbaşçylygyny barha beter bütin dünýä masgara edýärdi. Bu bolsa, elbetde, diktatoryň arkasyndan Türkmenistanyň tebigy baýyklaryny talaýan adamlary ýiti alada goýýardy, olaryň ägirt uly ”biznesine” howp salýardy. Halys kontroldan çykan dikmäniň özüni alyp barşy onuň bu wezipede oturmagyny üpjün edýän mekir adamlar üçin juda gorkuly zada öwürýärdi. Sebäbi soňky döwürde aňy bulaşyp ugran S.Nyýazowyň ”çykarýan hokgalary” hemmeleri eýmendirýärdi, galyberse-de, onuň haçan kime jyny düşüp, kimiň janyny aljagy belli däldi.

Şu ýerde diýdimzor diktatoryň ölmezinden öň ýurtda girizen gözilginç ”reformalarynyň” käbirini ýatlap geçeliň. S.Nyýazow Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryndaky bilimi instutlarda we uniwersitetlerde, degişlilikde 2-3 ýyla getirdi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny, Türkmen Döwlet Opera we Balet teatryny, Türkmenistanyň döwlet sirkini ýapdy. Munuň bilenem oňman, ol ýurt boýunça ýerlerdäki keselhanalary, kitaphanalary ýapyşdyrdy. Aýlaryň ozaldan gelýän atlaryny ýatyryp, olara öz adyny, ejesiniň adyny, hatda öz ”ýazan” kitabynyň adyny dakyşdyrdy, hepdäniň günleriniň atlaryny üýtgetdi! Şondan soň oňa diňe bir zat – adamzat taryhyndaky iň elhenç despotlaryň biri, gadymy rim diktatory Kaligulanyňky ýaly, öz atyny Mejlise eltip, deputat diýip yglan edäýmek galdy!

Üçünji bölüm

Gepiň gysgasy, 2006-njy ýylyň ortalaryna çenli Türkmenistanda höküm sürýän režim halkara jemgyýetçiliginiň gözüniň öňünde biabraý, bet üýşmeleňe öwrüldi. Onsoň Köşkde ornaşan täsirli adamlaryň ýüreginde şol wagtky gopýan aýylganç howsala düşünmezlik mümkin däl.

Ine, hut şeýle ýagdaýda-da, 2006-njy ýylyň 19-njy dekabrynda guduzlyk hetdine ýeten despot birdenkä özünden gidýär… Eger bu ýörite gurnalan ”kesel” bolmaýanda-da, onuň ýakyn töweregi üçin uly howpa öwrülen dikmeden dynmak üçin örän amatly pursatdy! Diýmek, köşkde şondan soň bolup geçen wakalara dykgatly seretmek zerur. Çünki, degişli faktlary ünsli öwrenseň, birnäçe adamynyň diktatoryň biçäre ýagdaýyndan peýdalanmagy ýüregine düwendigi aňdyrýar. Faktlaryň şaýatlyk etmegine görä, köşk emeldarlarynyň dar topary, pursatdan peýdalanyp, huşsuz ýatan diktatory ýeserlik bilen daşarky dünýäden izolirleýär. Onsoň zerur medisina kömegini almakdan mahrum edilen despot 20-nji dekabrda jan berýär.

Şeýdibem, özüni ýeriň-gögüň diregi saýan, müňlerçe adamynyň başyna ýeten, öz häkimiýetini saklamak üçin Eýrandan hem Owgandan gelýän neşe akymyna giň ýol açyp, ýurdy neşä, geroina gark eden, elleri bileklerine çenli gana boýalan zalym diktator ýagty jahan bilen gümürtik ýagdaýda hoşlaşýar. S.Nyýazowyň öz ajalyna ölmändigini tassyklaýan iň degerli faktlaryň biri – ol koma düşen badyna ýurduň şol wagtky hereket edýän Konstitusiýasyna laýyklykda bada-bat prezidentiň wezipesini ýerine ýetirip başlamaly Öwezgeldi Ataýewiň, ýagny ýurduň Mejlisiniň başlygynyň, sudsuz-soragsyz türmä atylyp, adaty vise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedowyň garaşylmadyk ýerden ”wagtlaýyn prezident” diýlip yglan edilmegidir. Eýse, bu işi kimler edip biler? Elbetde, diňe dildüwşüjiler! Kanuna boýun, öz hakyna jür, diktatoryň ölümine öňünden taýýarlygy ýok adamlaryň beýle howply oýna heý-de baş goşup biljek gümany barmy?!

Totalitar ýurtlarda ”wagtlaýyn” prezidentiň hakykatda ömürlik prezidente öwrülýändigini bilmeýän barmy nä?! Eýse, bu waka size ”banan respublikalary” diýlip atlandyrylýan käbir afrika döwletlerinde ýygy-ýygydan bolup geçýän döwlet agdarylyşyklaryny ýatladanokmy?

Kän ýyllaryň dowamynda eden-etdiligi bilen hemmeleri bizar eden türkmen diktatorynyň ediljek Günbatar ýurtlar Krismas (Roždestwo) baýramyna we Täze ýyl dabarasyna ulaşyp barýarka ”tarpa-taýyn ölmegi” ne ýurduň içinde, ne-de daşynda artykmaç sorag döretdi. Gaýta, bu habary eşidip, hemmeler ýeňillik bilen dem alana meňzedi. Agzalýan döwürde iň abraýly Halkara guramalarynyň, şol sanda adam hukuklaryny goraýan guramalaryň ýerleşýän ýurtlarynda 20-nji dekabrdan başlap, azyndan iki hepdeläp hiç bir edara doly güýjünde işlänok. Onsoň S.Nyýazow ýaly odioz diktatoryň ölümi dabaraly baýramçylyk günlerinde adamlaryň ünsüni çekip bilmez. Eýse, onuň özi üçin şeýle amatsyz, ýakyn töweregi üçinem şeýle amatly wagtda öläýşini diýsene! Edil ýöne haýranlar galaýmaly!

Diýmek, dekabryň ahyrynda Aziýada ýerleşýän haýsydyr bir kiçijik döwletiň ýakasy gaýyşly diktatorynyň ölümi bilen gyzyklanjak ýokdy, bolubam biljek däldi. Eýse, ýurduň öz içinde onuň ”ganyny sorajak barmydy? Ýok! Gaýta ”türkmenbaşy” dirikä ondan wezipe, at, şöhrat hantama bolup, onuň dabanyny ýalan, öňünde üç bükülen ýaranjaňlaryň bihaýa sülsady, haýal etmän derrew indiki diktatoryň daşyna siňek ýaly waglap üýşdüler we tiz wagtdan oňa nakysja ”arkadag” lakamyny dakyp, ýallaklap, daşynda açgözlük bilen jöwlan urdular…

Dördünji bölüm

Şeýdibem 1985-nji ýylda Kreml tarapyndan türkmenleriň depesinden zoraýakdan dikilen kommunistik lideriň, soňra-da öz-özüni Türkmenistanyň prezidenti diýip yglan eden rehimsiz dikmäniň uzaga çeken galagoply döwri birdenkä tamam boldy. Ol bu döwürde özüne ”türkmenbaşy” diýen nakys lakam almaga-da, ýal-ýagy ýaranjaňlaryna özüne ”beýik” diýdirmäge-de, ýurduň hem adamlaryň enter-pelegini öwürmäge-de ýetişdi. Emma, bularyň hemmesi boş zatlar bolup çykdy. Ölende onuň ganyny soranam, sebäbini derňänem tapylmady. Elbetde, bu meselede geň göresi zadam ýok, despotlar, adatça, şeýle-de ölýärler.

Eger adaty formallyga däl-de, taryhy faktlara we logika daýansaň, onda S.Nyýazowy Türkmenistanyň ilkinji prezidenti diýip atlandyrmaga-da kanuny esas ýok. Çünki häkimiýetiň deňhukukly üç şaha (Kanun çykaryjy, Ýerine ýetiriji we Sud häkimiýetleri) bölünmedik, söz we metbugat azatlygynyň ýok ýurdunda prezident hem bolmaýar. S.Nyýazow hakykatda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti däldi, ol Orsýetiň bellän iň soňky kommunistik dikmesidi.

Bu günki gün S.Nyýazowyň şahsyýetini gaýtadan dikeldip, ondan rowaýaty gahryman ýasamaga dyrjaşýanlar kimler we nähili adamlar? Olar dürli ýaşdaky adamlar. Elbetde, olaryň bir bölegi ozal diktatoryň elinden wezipe alan, oňa gulluk eden, onuň arkasyndan halky talan parahorlar. Ýöne her halda olaryň uly bölegi hiç haçan S.Nyýazowy görmedik, ony ýakyndan tanamadyk, onuň hakykatda nähili ýöwsel hem ikiýüzli adam bolanlygyndan bihabar ýaşlar. Bu örän gynandyryjy ýagdaý. Sebäbi, eger azajyk wagt sarp edip, degişli taryhy faktlary öwrenseler, ýaşlar S.Nyýazowyň asla nusga edinerlik şahsyýet däldigine göz ýetirerdiler.

S.Nyýazowyň kimdigine gözýetirmek üçin iň bärkisi onuň SSSR döwründe Türkmenistanda türkmen diliniň döwlet dili diýlip yglan edilmegine garşy bolanlygyny, soňra-da Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny almagyna ýol bermejek bolup, diş-dyrnak bolup göreşenligini, 1988-nji ýylda Moskwada SSKP-niň XIX Partiýa Konferensiýasynyň tribunasyndan çykyş edip, hatda öz mähriban ene-atasyndan hem ýüz öwren näkes, näletkerde adam bolanlygyny bilmegiň özi-de ýeterlikdir!

Bäşinji bölüm

Faktlaryň görkezişi ýaly, S.Nyýazow prezident däldi, ol zalym dikmedi. Erkin, bäsleşikli hem demokratik saýlawlarda ýeňip, öňe çykmadyk adama prezident diýilmez. Elbetde, ol prezidentlik kürsüsini bikanun eýeläp, onda 15 ýyllap oturdy. Emma şol ýyllarda ol dünýäniň iň aýylganç diktatorlarynyň ýigrenji birinji onlugynyň hatarynda boldy! Onuň günäsi bilen ýüzlerçe müň adam dogduk topragyny terk edip, ýat illerde watan tutmaga mejbur boldular. Bu ähdiýalan adam ne sowet häkimiýetine wepa berdi, ne-de garaşsyz Türkmenistana! Dogrusyny aýtsaň, ol Berdi Kerbabanyň ”Aýgytly ädim” romanyndaky tilki ýaly hilegär, rehimsiz we ikiýüzli Gully hana meňzeýärdi. S.Nyýazow türkmenlere sowet gurluşyny-da, garaşsyzlygy-da ýigrendirmegi başardy. Sebäbi S.Nyýazow ýanaşan ähli zadyny püçege çykarýardy. Iň bärkisi onuň türkmen aksakgallarynyň abraýyny aýak astyna salşyny ýatlaň!

Bu çalasowat despot garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ilatynyň tas bäşden bir bölegini, edil et üwelýän maşyndan geçiren ýaly, türmelerden geçirdi, ýurtda tireparazlygy, ýaranjaňlygy, parahorlugy ornaşdyryp, türkmenleri bäri-bärde asla biri-birine ynanmaz ýaly edip gitdi. S.Nyýazowyň döredip giden kwazi-döwlet sistemasynda ahal-tekelerinden başga taýpadan ýa başga milletden bolan adamlaryň Türkmenistanyň prezidenti saýlanmagy asla mümkin däl.

Eýse, bu nämäni aňladýar? Bu türkmenleriň agramly böleginiň öz döwletine ýürekden guwanmakdan, oňa buýsanmakdan ömürlik mahrum edilendigini aňladýar! Munuň netijesi nähili bolup biler? Onuň getirip biljek iň agyr netijesi – geljekde ýurduň üstüne duşman çozsa, ýurduň agzybir goralmajakdygyny aňladýar! Diýmek, S.Nyýazow Türkmenistany geljekde mümkin bolan ikinji Gökdepe tragediýasynyň ediljek gyrasyna eltip goýdy! Gurbanguly Berdimuhamedow hem, bu ýörelgäni tas üýtgewsiz dowam etdirip, garaňky gorp bilen arany has-da ýakynlaşdyrýar! Bu gaty gynançly ýagdaý. Ýurtda tizden-tiz zerur syýasy we ykdysady reformalar geçirilip, demokratik saýlawlara, hakyky köppartiýalylyga, söz we metbugat azatlygyna ýol açylmasa, türkmen döwletiniň asla geljegi ýok. Diňe şunuň özi hem S.Nyýazowyň näletsiňmiş başistik syýasy mirasyndan tiz ýüz öwürmek üçin doly ýeterlikdir!

Bu diktatoryň türkmen halkynyň, ähli türkmenistanlylaryň garşysyna eden aýylganç jenaýatlarynyň jikme-jik derňelmegini gazanmaly. Bu işe halkara ekspertleri gatnaşdyrylsa, has-da gowy bolardy. S.Nyýazowyň aýylganç etmişleri degerli dokumentleriň esasynda düýpli we esasly paş edilmeli! Bu mekir hem zalym adamyny, 1945-nji ýylda Nýurenberg prosesinde ozalky faşistik Germaniýanyň ýolbaşçylarynyň sud edilişi ýaly, ölensoň bolsa-da, hökman sud etmeli. Sebäbi bu sud diňlenişiginde başistik döwleti esaslandyran adamynyň jenaýatlary doly açylyp, olar hemişelik ýazgarylmaly. Şonsuz, ýene 100 ýyl geçse-de, Türkmenistanda düzüwli döwlet döremez. Muny S.Nyýazowdan soň prezident kürsüsini eýelän Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwleti dolandyryş stili-de doly subut edýär.

Geljekde geçirilmeli sud prosesinde G.Berdimuhamedow, meger, iň gymmatly şaýatlaryň biri bolar. Emma bu gidişine gitse, onuň şaýadyň däl-de, eýse jenaýatçy şäriginiň kürsüsinde oturmaly bolmagy-da ahmaldyr. Sebäbi ol başistik syýasy sistemanyň eden jenaýatlaryndan ara açyp, onuň ýazgarylmagyna ýol berenok. Diýmek, ol häzirki wagtda öz geljekki ykbalyny özi çözýär…

Halkyň gazabynyň iru-giç öz depesinden injekdigine ne Saddam Huseýn ynandy, ne Muammar Kaddafi, ne-de beýleki diktatorlar. Eýse, Gurbanguly Berdimuhamedow şolardan paýhasly bolup bilermikä? Muny ýakyn geljekdäki ýyllar görkezer.

Ak Welsapar,

Şwesiýa Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, Halkara PEN-klubunyň hormatly agzasy.

2013-12-21